Habarlar

Daşkentde “Innoprom. Merkezi Aziýa” atly Halkara senagat sergisi geçirilýär

26-04-2023 / 8

Mälim bolşy ýaly, 24-nji aprelde Daşkende “Innoprom. Merkezi Aziýa” Halkara senagat sergisi açyldy. Şu gün – 26-nji aprelde bolsa çäräniň ýapylyş dabarasy geçiriler.

Daşkent sergi merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Özbegistandan, Ermenistandan, Russiýadan, Belarussiýadan, Wengriýadan, Italiýadan we Fransiýadan 100-den gowrak işewür öz önümlerini görkezdiler. Sergä iri kompaniýalar bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri-de gatnaşdylar. Mundan başga-da, innowasiýa senagat önümleriniň stendini Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi hem gurady.

Maksatnamanyň işewürlik böleginde Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk meseleleri, Merkezi Aziýada senagat zolaklaryny we merkezlerini döretmegiň mümkinçilikleri, sergä gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetlerine sanlylaşdyrmagy ornaşdyrmak we “akylly” şäherleri döretmek taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agaberdi ÇARYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu