Habarlar

Döredijilik sergisi guraldy

25-04-2023 / 9

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda döredijilik bäsleşigi esasynda sergi guraldy.

«Türkmen bedewi — gözelligiň nusgasy» atly döredijilik bäsleşiginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň çeper gözýetimleri öz beýanyny tapýar.

Nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli işlerde ahalteke bedewleriniň owadan keşplerine uly orun berilýär.

Döredijilik bäsleşiginde tapawutlanan mugallymlara hem-de talyplara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu