Siziň üçin...Slider

Sokratyň şägirdi — Aristoteliň halypasy

Meşhurlaryň durmuşyndan

24-04-2023 / 176

Meşhur grek filosofy Platon biziň eýýamymyzdan öňki 427-nji ýylda Afiny şäherinde eneden dogulýar. Onuň ata-babalary Afinyda atly-abraýly adamlar bolupdyrlar. Platon ýaşlykdan dürli ugurlardan bilim alypdyr. Ony gadymy Gresiýanyň atly-abraýly mugallymlary okadypdyrlar. Platon ýaşlykdan surat çekmek, kiçeňräk sahnajyklary ýazmak bilen meşgullanypdyr.  Sport hem-de bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanyp, gadymy Gresiýada geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, sportuň göreş görnüşinden baýraklar hem gazanypdyr.

Biziň eýýamymyzdan öňki 408-nji ýylda Afiny şäherinde görnükli grek filosofy,  Sokrat Platona durmuşa dogry düşünmegi, adalatlylygy, gözelligi, medeniýeti, sungaty öwrenmegi, her bir bolup geçýän wakalary seljerip, deňeşdirip, dogry baha bermek endiklerini öwredipdir. Bu dostlukly halypa-şägirt gatnaşyklaryň sekiz ýyldan soň, Sokratyň aradan çykmagy bilen kesilendigine seretmezden, Platon onuň ylmy-filosofik ugruny dowam etdiripdir. Ol özüniň filosofik eserlerinde mugallymy Sokratyň keşbini gadymy Gresiýada iň bir adalatly adam hökmünde görkezipdir.

Halypasy aradan çykandan soň, Platon goňşy döwletlere syýahata ugraýar. Sokratyň şägirtleri bilen duşuşýar, pikir alyşýar. Onuň syýahatçylygy on ýyla çekýär. Ol baran ýerinde özi ýaly akyldarlar bilen duşuşypdyr, adamyň ömri  durmuşyň kanunlary barada söhbetdeş bolupdyr. Dürli döwletlerde syýahatda bolan Platon olaryň döwlet gurluşyna, hereket edýän kanunlaryna üns berýär. Olary deňeşdirip, özüçe netije çykarýar.

Platonyň döwlete, onuň gurluşyna bolan garaýyşlary orta asyrlarda ýaşap geçen akyldarlaryň garaýyşlary bilen deň gelýär. Onuň pikiriçe, adyl döwlete dört sany ugur gabat gelmelidir. Olaryň ilkinjisi: döwlete akyldar patyşa ýolbaşçylyk etmeli; ikinji ugry: esgerler  batyrgaý, gaýduwsyz bolmalydyr; üçünji ugry: önüm öndürýänleriň sabyrlylygy, kanagatlylygy, zähmetsöýerligi möhümdir. Soňky dördünji ugry: “Döwletde her kimiň öz işi bilen meşgullanmagy» diýip ýazypdyr. Gadymy Gresiýanyň taryhynda iň bagtly adam kim diýlip berilen soraga Platon: «Sokrat» diýip jogap beripdir.

Uzak ýyllaryň dowamynda syýahatda bolan we dürli külpetleri başdan geçiren  Platon, ahyrsoňunda Afiny şäherine gaýdyp gelipdir we bu ýerde özüne täze öý satyn alypdyr.  Özüniň hususy ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutupdyr. Bagly-bossanly bu okuw jaýynyň Afinynyň çetinde «Akademiýa» diýlip atlandyrylan ýerinde ýerleşendigi üçin il arasynda «Platonyň Akademiýasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Akyldaryň bu meşhur okuw jaýy biziň eýýamymyzdan öňki 385-nji ýylda esaslandyrylyp, ol gadymy dünýä taryhynda uly abraýly ýokary okuw jaýy bolupdyr.   Platon bu ýerde matematika, fizika, astronomiýa ýaly ugurlara aýratyn üns beripdir. Akademiýada sapaklar belli bir wagtda geçirilip, ir ertirden okuwçylar Platonyň oýlap tapan sagadynyň sesine oýanypdyrlar. Okuwlar iki görnüşde alnyp barlypdyr. Günüň birinji ýarymynda okuwlar, esasan, filosofiýadan bolup, mugallym we okuwçylar bagda gezelenç etmek arkaly sorag-jogap görnüşinde mesawy söhbetdeşlikde alnyp barlypdyr. Günüň ikinji ýarymynda okuwçylar matematikany, fizikany, astronomiýany öwrenipdirler. Platonyň Akademiýasynyň ýene-de bir aýratynlyklarynyň biri okuwçylar diňe bir matematikany, fizikany, astronomiýany öwrenmek bilen çäklenmän, olar edebiýaty, botanikany, hatda daşary ýurtlaryň hukuk-kanunçylygynam öwrenipdirler. Tejribeli, ylymly-bilimli okuwçylaryň hatarynda Aristoteliň bolmagy Platonyň Akademiýasynyň at-abraýyny has-da belende galdyrypdyr. Akyldar ömrüniň ahyryna çenli özüniň Akademiýasynda filosofiýadan sapak beripdir. Ol şägirtlerine döwlet üçin gerek bolsa janyňdanam geçmelidigini, hakykaty aýtmagyň hemme zatdan süýjüdigini öwredipdir. Hatda ol öýünde agyr ýatan pursadynda hem bütin ömrüniň manysy bolan eserleri «Döwlet» we «Kanunlary» ýazyp, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizipdir. Aýdyşlaryna görä, Platon biziň eýýamymyzdan öňki 347-nji ýylda 80 ýaşynda doglan güni dünýäden ötüpdir. Ol birnäçe şägirtleri ýetişdiripdir. Şolaryň arasynda logika ylmynyň düýbini tutan Aristotel bar. Aristotel mugallymy Platonyň ylmyny dowam etdirmek bilen, ony diňe ýagşylykda ýatlapdyr.

Maral KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu