Habarlar

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi

24-04-2023 / 20

22-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda şu ýylyň ýazky at çapyşyk möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşiklerdir görkezme çykyşlar, şowhunly aýdym-sazlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň döreden eserleriniň sergisi, türkmen gelin-gyzlarynyň milli el işleriniň taýýarlanylyşy baradaky görkezme çykyşlary dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji günündäki ýaryşlar ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda guraldy. At çapyşyklarynyň jemi ýedisi geçirilip, olaryň ählisi-de müň metr aralykda boldy. Her çapyşyga üç ýaşar atlaryň 7-si goşuldy.

Düýn, ýekşenbe güni hem Aşgabat atçylyk sport toplumynyň toýçy mähellesi egsilmedi. Bu gün ezber, ussat çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklaryň ýedisi geçirilip, olaryň hersine atlaryň 7-si gatnaşdyryldy.

Ýaryşlarda ýeňiş gazanan atlaryň üstünligi toýa gelen dilleri senaly, hormatly ýaşulularyň ýagşy dilegleri bilen dabaraly ýagdaýda mübäreklendi. Olara sylag-serpaýlar ýapyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu