Habarlar

Türkmenabat şäherinde ekofestiwal geçirildi

24-04-2023 / 8

Geçen şenbede Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň mähellesi adatdakylardan has kän boldy. Şol gün seýilgähde Halkara Ýer gününe bagyşlanan ekofestiwal geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu festiwaly Lebap welaýat häkimligi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde gurady. Oňa dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimow hem gatnaşdy.

Festiwalyň gurşawy seýilgähiň girelgesinden onuň törüne çenli uzaýan giňişligi öz içine aldy. Türkmenabat şäherinde hereket edýän Amerikan burçunyň işjeň agzalary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergide daşky gurşawy goramak meselesi ilkinji wezipe bolup öňe çykýar. Plastik önümleriň galyndylaryndan döredilen çeperçilik işleri, çagalaryň döredijiligine degişli, ekologiýany goramaga çagyrýan suratlar, köp sanly el işleri, wegetarian tagamlar we beýlekiler çärä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli oýunlar, joşgunly aýdymlar biri-biriniň üstüni ýetirip, adamlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu