SliderŽurnalistiň sahypasy

Ömrüni döredijilige bagyşlan suratkeşiň nesil daragty

24-04-2023 / 12

Maglumatlara görä, italiýaly alymlar genetiki barlaglar arkaly ussat dörediji Leonardo da Winçiniň nesil daragtyny dikeltdiler. Bu iş üçin olara on ýyl töweregi wagt gerek boldy. Alessandro Wessozi we Agnese Sabato dünýä belli suratkeşiň maşgalasynyň 21 nesliniň dowamyndaky erkek kişileriň yzygiderli nesil daragtyny düzdüler. Olar barlaglaryny 1331-nji ýylda doglan «urugbaşy» Mikelden başlap, häzirki ýaşap ýören 14 sany nesil bilen tamamladylar. Leonardonyň özi altynjy nesle degişlidir. Urug şejeresi maşgalanyň diňe bäş şahasyny öz içine aldy.

2016-njy ýylda barlag geçirijiler Leonardo da Winçiniň maşgalasynyň köp sanly neslini tapandyklaryny habar beripdiler. Arhiw maglumatlaryna görä, Leonardonyň özi zürýatsyzdyr. Ýöne onuň köp nesli bolan 22 öweý dogany bolupdyr.

690 ýyly öz içine alýan nesil daragtynyň bäş şahasyny Leonardonyň kakasy Pierodan we onuň dogany Domenikodan yzarlap gaýtsaň bolýar. Alymlar 15-nji nesilden bäri 225 sany anyk adam hakynda maglumat tapyp bildiler.

Barlag geçirijiler erkek ugry boýunça geçýän Y hromosomasynyň 25 nesliň dowamynda üýtgewsiz galýandygyny bellediler. Diri adamlar bilen öten-geçenleriň Y hromosomy deňeşdirilende, ýüzlerçe ýyldan soň hem olaryň garyndaşlyk gatnaşygyny anyklap bolýar.

Leonardo da Winçiniň DNK-syny aýdyňlaşdyrmak diňe bir onuň galyndylarynyň hakykylygyny tassyklamaga däl-de, eýsem, beýleki möhüm soraglara-da jogap bermäge, mysal üçin, onuň uçursyz zehininiň sebäbini anyklamaga mümkinçilik berer. Genetiki maglumatlar ussadyň ene-atasynyň nirede doglandygyny, hakykatdan hem çepbekeýdigini, haýsy durmuş ýörelgesini alyp barandygyny hem-de nesil yzarlaýan haýsy kesellerden ejir çekendigini anyklamaga mümkinçilik berer.

Halkara döredijilik we innowasiýa güni ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 21-nji aprelinde dünýäniň 50-den gowrak ýurtlarynda bellenilip gelinýändir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawy bilen 2017-nji ýyldan bäri Halkara döredijilik we innowasiýa güni resmi taýdan bellenýän çäreleriň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, döredijiligiň we innowasiýalaryň adam durmuşynyň dürli ugurlarynda ýetirýän täsiri has-da uludyr. Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni adam ösüşiniň dürli pudaklarynda ähmiýeti barada düşünje döretmek üçin, bütin dünýäde bellenilýän gün. Şonuň bilen  birlikde, bu gün toparlaýyn işleşmek we hyzmatdaşlyga üns berilýär. Leonardo da Winçiniň ussat döredijiligini öwrenmek bizin her birimiz üçin gyzykly ýagdaýdyr.

Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu