SliderŽurnalistiň sahypasy

Saňa at diýmerin…

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

23-04-2023 / 10

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu jandaryň ornunyň biçak uludygyny aňladýar.

Halkymyzyň milli baýlyklarymyza, onuň bir şahasy bolan ahalteke bedewlerimize bolan tükeniksiz söýgüsi netijesinde behişdi bedewleriň at-owazasy has belende göterilip, tutuş jümle-jahana doldy. Olara goýulýan hormat-sarpa milli çäklerden çykyp, halkara derejesine eýe boldy. Şeýdibem, taryha ahalteke bedewlerimiz barada täze altyn sahypalar ýazylyp başlandy.

Türkmen halkynyň geçmişdäki şöhratly, gahrymançylykly ýoly jandan eý görýän bedewi, onuň wepalylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy bedewlerimize-de mahsus. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, bedew atlarymyz agyr söweşlerde gowga-gohlardan heder etmän, duşman üstüne okdurylypdyr, her bir kyn pursatda hem ynsan kimin duýup, eýesine ýaran bolupdyr. Ine, şu aýratynlyklary üçinem türkmen öz bedewini özüne dost, dogan, syrdaş saýypdyr. Gözbaşyny örän gadym döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk hiç wagt gowşaman, gaýtam has berkäp, biziň häzirki günlerimize gelip ýetipdir.

Dünýäniň atşynas alymlarynyň aýtmaklaryna görä, ahalteke bedewleri dünýäniň ähli naýbaşy atlarynyň asly bolmagyndan başga-da, Allatagala ony aýratyn söýgi, üýtgeşik bir gudrat bilen ýaradypdyr. Biziň janymyz-tenimiz bilen söýýänligimiz, sarpasyny belent tutýanlygymyz hem, megerem, şonuň üçin bolsa gerek. Ata-babalarymyzyň zähmeti hem zehini bilen kemala gelen atçylyk sungatyna halkyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi, geçmişi siňendir.

Ahalteke bedewi, oňa goýulýan hormat-sarpa dogrusynda oýlananymyzda, has anygy, bu zatlara çuňňur akyl ýetirmeli bolanymyzda, Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, soňky ýyllarda bu ynsanpisint jandara täzeden döwran dolanandygyny görýäris. Türkmen bedewiniň şekili Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Tugrasynda öz mynasyp ornuny tapdy.

Jennet MYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu