
Şanhaýda 2016-njy ýylyň noýabrynda düýbi tutulan bu toplum «Pudong» atly täze etrapda ýerleşip, 2021-nji ýylyň 18-nji iýulynda dünýäniň iň uly planetarisi hökmünde açylypdyr. Ýanaşyk gurluşlary bilen toplumyň umumy meýdany 58,6 müň inedördül metre, esasy binanyň meýdany bolsa, 38 müň inedördül metre deňdir.
Planetalaryň hereketini synlamak üçin niýetlenen bu toplum esasy we goşmaça gurluşlardan, şol sanda, iki sany jemgyýetçilik obserwatoriýasy we ýaşlar üçin gözleg merkezinden ybarat bolupdyr. Bu ýere gelýän syýahatşynaslar sergi bölüminde dürli meteoritleriň 70-e golaýyny, şeýle-de, Marsyň, Aýyň we Westa asteroidiniň nusgalaryny synlap bilerler.

Ýygyndyda Isak Nýutonyň, Nikolaý Kopernigiň, Galileo Galileýiň we başga-da birnäçe barlag geçirijileriň özboluşly eserleri ýerleşdirilipdir. Üsti ýetirilen hakykat, maglumatlary wizuallaşdyrmak, emeli aň we biometrika ýaly tehnologiýalar planetariniň bilim maksatnamalarynda giňden ulanylar. Daşky görnüşi boýunça planetariý fantastik filmlerdäki uly kosmos gämisine meňzeýär. Şeýle-de baş binanyň töweregindäki ýanýodalar galaktiki spiral şekilinde taslanypdyr. Planetariniň gurluşygynda ýaşyl tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassa materiallaryň iň soňky gazananlary ulanylypdyr.
Sanjar ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



