SliderŽurnalistiň sahypasy

23-nji aprel — Bütindünýä kitap güni

23-04-2023 / 5075

1995-nji ýylyň 23-nji aprelinden bäri her ýyl BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä kitap güni we awtorlyk hukugy güni giňden bellenilýär. Maglumatlara görä, Bütindünýä kitap güni baradaky pikir 1922-nji ýylda Walensiýa ýazyjysy Wisente Klawel Andres tarapyndan 1926-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda doglan gününde Migel de Serwantesi hormatlamagyň usuly hökmünde bellendi. Soňra bolsa 1930-njy ýylyň 23-nji aprelinde aradan çykan senesi bilen çalşyryldy. 1995-nji ýylda ÝUNESKO 23-nji aprelde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününi käbir görnükli ýazyjylaryň dünýä inmeginiň ýa-da aradan çykmagynyň, şeýle hem şol wagt William Şekspiriň we Inka Garkilaso de la Weganyň aradan çykan güni hökmünde bellemek kararyna geldi.

Adatça, dünýäniň kitap paýtagty derejesi 23-nji aprelde – Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününde mälim edilýär. Ýatlap geçsek, geçen ýyl Meksikanyň Gwadalahara şäheri Bütindünýä kitap paýtagty derejesine eýe bolupdy. Mälim bolşy ýaly, «2023-nji ýylyň Bütindünýä kitap paýtagty» diýlip Gananyň paýtagty Akkra yglan edildi. Şäheriň häkimiýeti ýurduň sowatsyzlyk derejesi ýokary bolan dürli toparlaryna gönükdirilen giň gerimli maksatnamany ÝUNESKO hödürledi. Maksatnama, esasan, mekdep we jemgyýetçilik infrastrukturasyny güýçlendirmek hem-de okamak medeniýetini ösdürmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Maksatnama neşirýat pudagyny we beýleki döredijilik pudaklaryny goramak bilen bir hatarda, ýurtda medeni hem-de ykdysady özgerişleri höweslendirmek üçin hünär endiklerini ösdürmäge gönükdirilen. Çäreler ilatyň dürli gatlaklaryna niýetlenen ykjam kitaphanalary döretmek, dürli dillerde kitap okamagy höweslendirmek maksady bilen usulyýet sapaklaryny, ýaşlar üçin hünär okuwlaryny geçirmek, bilim merkezlerini emele getirmek, ýerli sungaty, medeniýeti ösdürmek üçin dürli bäsleşikleri guramak ýaly maksatlary-da öz içine alýar.

Bu gün kitap okamagy halaýan dost-ýarlaryňyza kitap sowgat bermek üçin ajaýyp gün bolsa gerek. Onda nämä garaşýarsyňyz?!

Ogulşirin GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu