SliderŽurnalistiň sahypasy

22-nji aprel – Halkara ýer güni

22-04-2023 / 5034

«Halkara ýer güni» BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde A / RES / 63/278 karary bilen, BMG-a agza 50-den gowrak döwletiň hemaýatkärlik etmekliginde, 2010-njy ýylyň 22-nji aprelinden bäri her ýyl bellenilip gelinýär.

BMG-niň Baş Assambleýanyň 63-nji mejlisiniň prezidenti Migel d’Eskoto Brokman bu halkara gününiň rezolýusiýasynyň yglan edilmeginde  ýeriň we onuň ekosistemalarynyň biziň öýümizdigini, adamzady ýaşaýyş bilen üpjün edýändigini belleýär. Gurama agza döwletleriniň ählisini, halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalaryny Halkara Ýer gününi bellemäge çagyrýar.

Demirgazyk ýarym şarda ýer ene  güni ýazda, günorta ýarym şarda bolsa güýzde bellenilýär. Bu global hereketiň esasy maksady, jemgyýetiň we ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni ýeriň meselelerine, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan kyn meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr.

Ýer planetasy barada käbir maglumatlar.

Ýer planetasynyň takmynan 4,5 milliard ýyllykdygy çak edilýär.

Ýeriň daşyndan aýlanyp, ekwatoryň üstünden ýöremek isleseňiz, uzynlygy 40,010 kilometre barabardyr.

Ýerden merkeze çenli aralyk 6378 kilometrdir.

Antarktida ýerdäki iň sowuk ýer hökmünde ykrar edilendir. 1983-nji ýylyň 21-nji iýulynda Antarktidadaky Wostok gözleg merkezinde -89 gradus Selsiý hasaba alynýar.

Ýeriň ýeke-täk tebigy emeli hemrasy bolup ol hem – Aýdyr.

Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden alymlar bu gün global daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler, seminarlar, tegelek stol maslahatlary hem-de mahabat çäreleri gurnalýar. Mundan başga-da, her ýyl bu gün belli bir mowzuga bagyşlanýar. Şeýle-de, uly şäherleriň käbir köçelerinde gara ýollaryň ýapylmagy, arassaçylyk we bag ekmek işleri geçirilýär. Häzirki we geljekki nesilleriň ykdysady, sosial we daşky gurşaw zerurlyklarynyň arasynda deňhukukly deňagramlylygy gazanmak üçin tebigat we ýer şarynyň sazlaşygyny ösdürmek örän zerur bolup durýar. Bu günüň bellenilmegi ýer şarynyň  ähli ilatly künjeklerinde ýaşaýan her bir adama, umumy öýümize minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik berýär.

Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu