SliderŽurnalistiň sahypasy

21-nji aprel — Halkara döredijilik we innowasiýa güni

21-04-2023 / 8

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykan A / RES / 71/284 karary bilen  BMG-a agza ähli döwletleri, BMG-niň ulgamynyň guramalaryny we beýleki halkara we sebit guramalaryny, raýat jemgyýetini, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryny bu baýram babatynda ileri tutulýan ugurlara laýyklykda,  durnukly ösüşde, ykdysady-durmuş meseleleriň çözülmeginde döredijiligiň we innowasiýalaryň ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen  bellenilmegi ýola goýulýar.

Halkara  döredijilik we innowasiýa güni ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 21-nji aprelinde dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda bellenildi. Bu baýramçylyga döredijilik  we innowasiýa işgärleriniň hünär baýramydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawy bilen 2017-nji ýylda Halkara döredijilik we innowasiýa güni resmi ýagdaýda  bellenilýän halkara çärä öwrüldi. Şol ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy, Durnukly ösüş maksatnamasy tarapyndan kesgitlenen maksatlara ýetmegiň ýolunda döredijilik we innowasiýa mümkinçiliklerini açyp, Halkara döredijilik we innowasiýa gününiň  döredilen kararyny kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasy halkara günleriniň sanawynyň hataryna ylym we tehnologiýa bilen baglanyşykly täze baýramçylygy döredip, bilim ulgamlarynyň wekilleriniň ünsüni döredijilikli pikirlenmäni ösdürmäge, her dürli innowasiýalary durmuşa geçirmek üçin şertler döretmäge synanyşdy. BMG-nyň nukdaýnazaryndan hut şu gün, adamzadyň üstünlikli durnukly ösüşinde möhüm faktor we dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan köp sanly global meselelerini ýeňip geçmegiň usulydyr.

Mekan SALYHOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu