
Pederlerimiz maşgalanyň guwanjy, neberäniň dowamy, jemgyýetiň geljegi bolan nesliň akylly-başly, ylymly-sowatly bolmagy ugrunda müňýyllyklaryň dowamynda aladalanypdyrlar.
Türkmen topragynda taryhyň dürli döwürlerinde hereket eden bilim, ylym ojaklarynyň işi bilen tanyş bolanymyzda mugallymlara bildirilýän talabyň ägirt uly bolandygyny görýäris. Sebäbi mugallym ynsan kalbyna täsir edip, onuň ýüreginde baky orun tutýar. Şonuň üçin-de mugallymçylyk käri adamzat döräli bäri iň bir hormatly we asylly kärleriň biri hasaplanylýar.
Mugallyma jemgyýet özüniň iň gymmatly hazynasyny — geljeginiň dowamat dowamy bolmaly ýaş nesli ynanýar. Mugallym ynsan kowmunyň geljegi bolan çagalara diňe bir bilim berip, ylym öwretmän, eýsem, edep-terbiýe berýär, olary durmuşa taýýarlaýar.
Orta asyrlaryň meşhur alymy Muhammet Gazaly «Ylym hakynda kitap» atly eserinde Ýer ýüzünde hormatly kärleriň biri bolan mugallymçylyk barada şeýle ýazýar: «Ynsanyň hormatly agzasy onuň kalbydyr. Mugallym onuň kalbyny kämilleşdirmek, ondaky duýgulary oýarmak, kalbyny päklemek we ony ýagşy işlere ugrukdyrmak bilen meşgullanýar». Elbetde, ynsan kalby bilen işleşýän mugallymyň öz kalby-da, ýüregi-de, ahlagy-da arassa we päk, halal we ynsanperwer bolmalydyr.
Mugallymyň ähli zady sözleýşi, geýnişi, edep-ekramy, özüni alyp barşy kämil derejede, nusgalyk bolmalydyr. Çünki her bir çagada öz mugallymyna meňzemek arzuwy, islegi bolýar. Mugallymyň diýýän her bir sözi ýürekden çykmalydyr, onuň sözi, hereketleri, özüni alyp barşy bilen çapraz gelmeli däldir.
Serdar JUMAMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



