Siziň üçin...Slider

Çagalar dünýäsiniň täsinlikleri

20-04-2023 / 13
  • Täze dogan çagalaryň dyzçanaklary bolmaýar. Olarda dyzçanak alty aýdan gowrak wagtyň dowamynda emele gelýär.
  • Ýaňy dogan çagalaryň ilki üç hepde boýunça gözýaşlary bolmaýar, olar biziň gözümize aglaýan ýaly bolup görünseler-de, aslynda, gözýaş çykarman diňe ses edýärler.
  • Çaga doglanda bedeninde 300 süňk bolýar, Olar ulaldygyça bedenlerindäki ownuk süňkler birleşip 206-a ýetýär.
  • Täze doglan çaganyň bedenindäki ganyň mukdary bir bulgura deň bolýar.
  • Bäbekler dört aýlyk bolýança duzuň tagamyny duýmaýarlar.
  • Çaga bolanyndan üç ýaşyna çenli olaryň beýnileri uly tizlik bilen ösýär. Bu ösüş ynsan durmuşyndaky iň çakgan ösüş hasaplanýar.
  • Bir ýaşyna giren çaga, takmynan, ýetmiş söze düşünýär, emma olaryň az sanyny dile getirip bilýär. Çaga on sekiz aýlyk bolanda söz baýlygyny hasda köpeldýär, her iki sagatdan ýene bir täze söz öwrenýär.
  • Eger-de çaga bir aýlyk döwründe onuň bedeni beýnisi ýaly tiz ösýän bolsady, onda aýyň soňunda onuň agramy 77 kg bolardy.
  • Çaganyň gündelik sarp edýän energiýasynyň 60%-ni onuň beýnisi amala aşyrýar.
  • Bäbekler alty aýlyk bolýançalar,  şol bir wagtyň  özünde ýuwdunyp hem-de dem alyp bilýärler.

Sapargül TUWAKOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 6-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu