
JR – Maglev MLX01 (Ýaponiýa)
”Central Japan Railway” şereketi tarapyndan öndürilen Jr – Maglev atly otly sagatda 581 kilometr tizlik rekordy bilen dünýädäki iň ýokary tizlikli otludyr. Bu otlynyň beýleki görnüşlerine görä iň uly tapawudy bolsa magnitli germewleriň üstünde öňe gidýän bolmagydyr. Magnitleme ulgamaly bu asma otly aşagynda bar bolan güýçli magnitler arkaly germewleri ellemezden öňe gidip bilýär. Geljegiň otly tehnologiýasy bolup görünen bu ulagyň üstünde ýaponlaryň ähmiýetli işleri göze görünýär.
TGV V150 (Fransiýa)
TGV V150 sagatda 574,8 kilometr tizlikli rekordy bilen ýer ýüzündäki iň ýokary tizlikli, tekerli otly derejesine eýe bolan Alstom we SNCF guramalary tarapyndan ýüze çykarylandyr. Goşa dwigatelli we iki gatly, üç wagona eýe bolan TGV V150-niň tizlik rekordy demirýol üstündäki ýokary woltly liniýalara goşmaça 6000 wolt berilmeginde güýji ýokarlandyrylandyr. Aerodinamikli TGV V150 beýleki otlulara garanyňda has togalak bir gurluşa eýedir. Taslamadaky bu aýratynlyk, howanyň garşylygyny pes derejä getirip, tizlik ýitgisini azaldýandyr.
CRH380A (Hytaý)
Sagatda 486 kilometr tizlige eýe bolan CRH380A Chine South Locomotive & Rolling Stock Corporation Limited kompaniýasy tarapyndan öndürilendir. Dünýäniň iň ýokary tizlikli üçünji otlusy bolan CRH380A menzillerde duruş dowamynda 800 kWt elektrik energiýasyny yzyna getirip bilýändir. Alýumin erginden ybarat bolan göwrä eýe bolmagy arkaly ýeňil bu otly ýokary tizliklerde emele gelen titremäniň öňüni almaga hem ukyplydyr. Ýaponlar ýaly hytaýlylar hem demirýol ulag-aragatnaşygyna has köp üns berýärler. 2013-nji ýylda 600 milliard ýuanlyk maýa goýum býujeti bilen täze demirýol gurluşygyna başlan Hytaý hökümeti 8 müň kilometre demirýol toruny 2020-nji ýyla çenli 50 müň kilometre çykarmagy maksat edinýär.
AVE Class 103 (Ispaniýa)
Sagatda 403 kilometr ýokary tizlik bilen Barcelona-Madrid ugrunda hereket edýän AVE Class 103-e 404 ýolagçy sygymlydyr. Otly döwrebap derejede kämilleşdirilen, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň islendigini öz içine alýandyr. AVE Class, Barcelona-Madrid aralygy — 628 km uzaklygy takmynan 2 ýarym sagatda geçip bilýär.
Kemal GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.