SliderŽurnalistiň sahypasy

Halynyň taryhyna ser salsaň…

18-04-2023 / 22

Haly – bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis we gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüňi şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň.

Türkmen halysynyň gadym wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçylardyr syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri şaýatlyk edýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň arasynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hojalyk durmuşlarynda uly orun tutandygyny tassyklaýan maglumatlar Günorta-Günbatar Türkmenistanyň taryhyndan alyndy. Köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren belli alym I.N.Hlopiniň ýolbaşçylygynda XX asyryň 70-nji ýyllarynda arheologiýa agtaryş topary tarapyndan Sumbar jülgesinden bürünçden ýasalan kesiji gurallaryň tapylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen haly önümçiliginiň gadymylygyna şaýatlyk edýän delilleriň ýene-de biri hem gazuw-agtaryş işleri geçirlende tapylýan keramiki önümlerindäki nagyşlardyr. Bular biziň eýýamymyzdan öň V-III müňýyllyklara degişli bolup, häzirki Tejen we Sakarçäge etraplarynyň aralygynda ýerleşen Göksüýri ýadygärliklerinden tapyldy. Türkmenistanyň gadymy obalarynda onlarça ýyllap gazuw-agtaryş işlerini geçiren belli arheolog W.I.Sarianidi şeýle netijä gelýär: «Garagumuň yssysynda dokma önümleri uzak saklanmaýar, emma gadymy döwürlerden gaplaryň ýüzünde bir-birine meňzeş nagyşlary görüp bileris. Bu nagyşlar türkmen halylaryna örän meňzeş. Keramikalardaky şekiller pars, kawkaz halylarynda duş gelmeýär, olar diňe türkmen halylarynda bar. Türkmen halylarynyň düşegi örän syk, açyk gyzyl reňkdir. Bular ýaly reňkler Günorta Türkmenistandan tapylýan gaplaryň ýüzünde-de bar» — diýip ýazýar.

Belli türk sungatşynas alymy, professor N. Diýarbekirli: «Bu halyda «türkmenlerde duşýan sekiz burçly» nagşa duşmak bolýar. Eger-de biz «Pazyryk» halysynyň nagyşlaryny aýryp, geometrik nagyşlary ýerleşdirsek onda biz elimize türkmen halysyndan hiç bir tapawudy bolmadyk halyny alarys. Şeýle hem Hun döwründen başlap, tä orta asyryň soňlaryna çenli halylaryň hemmesine haýwan şekilleri salnyp dokalypdyr» – diýip, bu halyny ýerli hun türkmenleriniň dokandygyny tassyklady. Etnograf Ata Jykyýew «Pazyryk» halysyndaky nagyşlaryň köpüsiniň türkmenleriň durmuşynda häzirki günlere çenli ulanylýan nagyşlar bilen gabat gelýändigi barada aýdýar.

Ilýas ORAZDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu