SliderŽurnalistiň sahypasy

Keýiklere penakär bolalyň!

18-04-2023 / 20

Bathyzyň giň gujagy ösümlikler bilen bir hatarda haýwanlara hem baýdyr. Goraghananyň haýwanat bagyndaky dag goçuny, dag tekesini, keýikleri golaýdan synlamak has-da gyzykly.

Türkmenistanyň “Gyzyl kitabyna” girizilen keýikleriň sany XX asyrda örän  azalypdyr. Keýik, ýagny jeren türkmen tebigatynyň iň bir päk, iň bir owadan gözellikleriniň biridir. Onuň gözelligini, gylyk-häsiýetini söýen ata-eneler  gyzlaryna Jeren, Keýik ýaly atlary dakýarlar. Keýik goşatoýnaklylar toparyna degişli bolmak bilen  şahlary inçeden ýiti bolup, gyn şahlylar maşgalasyna girýär.

XX asyryň başlarynda biziň ýurdumyzda 250-300 müňe golaý keýik bolan bolsa, geçen asyryň ikinji ýarymynda olaryň sany örän azalýar.1950-nji ýyldan bäri keýikleri awlamak gadagan edildi. Türkmenistanyň “Gyzyl  kitabyna” girizilen keýikler daglarda, düzlerde, çöllerde, ýaýlalarda erkana gezýärler. Türkmen tebigatynyň özboluşly baýlygyna öwrülen jerenleri goramak, olaryň köpelmegine ýardam etmek türkmen tebigatynyň haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini goradygymyz, ekologiýa abadançylygyna goşant goşdugymyz bolar.

Tebigatyň ýagty jahana  gözellik hökmünde peşgeş beren keýiklerine penakär bolalyň! Olar sonarly ýaýlalarda ýaýnap gezsinler! 

Yhlasmyrat AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu