
Üçüsi Aşgabat, biri Mary şäherinde geçirilen duşuşyklar bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. Olarda «Köpetdag» «Şagadamy», «Altyn asyr» «Nebitçini», «Merw» «Aşgabady», «Ahal» bolsa «Energetigi» kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Täze möwsümiň açylyş duşuşygy paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Onda Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Ýer eýeleri duşuşygyň 25-nji minutynda Ýazgylyç Gurbanowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby açdylar. Bu pökgi «Köpetdagyň» hüjümçisiniň täze möwsümde tapawutlanan ilkinji futbolçy bolmagyna hem getirdi.
«Köpetdag» hasapdaky üstünligini 66-njy minuta çenli gorap bildi. Şol minutda «Şagadam» ýaş futbolçysy Baýram Ataýewiň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. Şondan soň ýiti hüjümlerini has ýygylaşdyran «Köpetdag» duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 10 minut galanda 11 metrlik jerime urgusyny urmaga hukuk gazandy. Bu urgyny dürs ýerine ýetiren Şiri Annaýew hem toparyna ýeňiş getirdi, hem täze möwsümde jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy boldy. Duşuşyk «Köpetdagyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Umuman, möwsümiň birinji tapgyrynda gözüňe ilip duran uly hasaplar ýok. Bu bolsa geçen ýyl aşakdaky orunlary eýelän toparlaryň hem täze möwsüme has güýçli taýýarlyk bilen gelendigini görkezýär.
Çempionat şu gün 2-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. Bu tapgyrda täze döredilen «Arkadag» futbol topary ilkinji resmi duşuşygyny geçirer.
Hojageldi HOJAÝEW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



