
Köpleriň söýgüli sporty bolan futbolda oýnalýan topuň daş keşbinde näçe ak, näçe gara reňkli burçluklaryň bardygyny sanap gördükmi?
Ir döwürlerde futbol oýnalanda haýwanlaryň derilerine samandyr beýleki ýeňil önümleri dykyp, top ýasaýar ekenler. Hytaýda içi ýüň bilen doldurylan toplara “Tsu Chu” diýilýän ekeni we olaryň belli bir ölçegi bolmandyr. Derilerden tikilip oýnalan toplarda bolsa 18 bölek deri ulanylypdyr.
1844-nji ýylda Çarlz Gudir rezinden belli bir ölçeg alyp içini howa bilen doldurýar. Şol senä çenli futbol topunyň belli bir ölçegi bolmandyr. Edil şondan 7 ýyl soňra H.J.Lindon rezinden çişirilýän üç gatly, urgulara has çydamly topy oýlap tapanda, futbol toplary ýene bir gezek öz durkuny täzeleýär.
Geçen asyryň ellinji ýyllarynda futbol ak toplar bilen oýnalyp, gyşyna garyň aşagynda bolsa goňur reňkli resmi toplar bolupdyr. Şeýle täzeçillikler girizlip gelnen futbol toplary ahyr soňy biziň häzirki görýän şekilimize gelipdir. Häzirki adaty ala toplaryň dizaýn şekili 1960-njy ýylda Riçard Bakminster Fuller tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bu futbol topunyň daş keşbi 20 sany alty burçluk ak, 12 sany bäş burçluk gara reňkli gönleriň juda sazlaşykly ýerleşmeginden ybaratdyr. Şeýle toplar bilen futbol oýnalanda, topy yzarlamaklygyň aňsat bolýanlygyna göz ýetiripdirler. Futbol dünýäde iň köp oýnalýan we juda köp muşdagy bolan gyzykly sport oýunlarynyň biridir.
Rahymberdi ÖDÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



