SliderSyýahatçylyk

«Awentura» – dünýädäki täsin seýilgähleriň biri

17-04-2023 / 12

Ispaniýadaky Awentura port seýilgähi dünýäde täsin seýilgähleriň biridir. Tematiki seýilgäh hökmünde Ýewropada ýeke-täkdir. Ony tapawutlandyrýan zatlaryň biri-de temalaýyn zolaklara bölünmegidir.

Seýilgäh Ortaýer deňzi, Meksika, Polineziýa, Günbatar, Hytaý ýaly geografiki zolaklara bölünýär. Ýene-de biri çagalar üçin niýetlenen Sezam zolagydyr. Olarda degişli ýerleriň haýwanat we ösümlik dünýäsi, piramidalaryň, taryhy ýadygärlikleriň şekilleri bilen tanyşmak, milli tagamlaryny dadyp görmek, milli senetçilik önümlerini satyn almak mümkinçiligi bar. Hytaý zolagynda budda ybadathanalaryny görmek bilen, aždarha görnüşli, sagatda 100 kilometr tizlik bilen hereket edýän wagonlarda syýahat edip bolýar.

117 gektar meýdany tutýan seýilgähde dürli görnüşli attraksionlar, kinoteatrlar, restoranlar, hatda myhmanhanalar hem bardyr.

A siz, şeýle seýilgähleriň haýsylaryny bilýärsiňiz?!

Ogulşirin MAKSATMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu