
TDH-niň habar berşi ýaly, 14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.
Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärliginiň hatyrasyna bagyşlanan sadakanyň mukaddes Oraza aýyna gabat gelmeginiň ähmiýetini bellemeli. Onuň ýagşy dessurlarynda müňýyllyklaryň dowamynda mähriban halkymyzyň baý durmuş tejribesine laýyklykda kämilleşdirilen, nesilden-nesle geçirilip gelnen belent ynsanperwerlik ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Şeýle-de 14-nji aprelde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň metjitlerinde agzaçar sadakalary berildi. Bu sadakalar mähriban halkymyzyň mukaddes Oraza aýy bilen bagly asyrlar aşyp gelýän asylly däbiň dowamy bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi hem-de Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sadakalardan soň, metjitlerde tarawa namazy okaldy.
«TürkmenGazet».



