
Suratda görýän skripkaňyz saz guraly däl-de, onuň nusgasyndaky gämidir. Skripkanyň şekilindäki gämi belli suratkeş hem agaç ussasy Liwio De Marçi tarapyndan ýasalypdyr. Onuň öňem dürli şekilli ýüzýän gämileri ýasandygyny aýratyn bellemeklik gerek.
Emma häzirki wagta çenli agaç ussasynyň «Ferrari» kysymly awtoulagyň şekilindäki gämisi has-da meşhur boldy. Skripkanyň şekilindäki gäminiň uzynlygy 12 metre barabar bolup, onuň ini 4 metre deňdir. Gämi suw geçirmeýän berk agaçdan ýasalypdyr. Ussa elektrik hereketlendirijisi bolan gämini ýasamak bilen daşky gurşawy goramak maksadyndan ugur alandygyny nygtaýar.
Italiýanyň Wenesiýa şäheriniň ýanyndaky Uly kanala goýberilen gämide syýahatçylar üçin ýerli konserwatoriýanyň sazandalary nusgawy saz eserlerini ýerine ýetirýärler.
Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.



