Ýüzüňiziň, eliňiziň, aýaklaryňyzyň, agzyňyzyň ýa-da barmaklaryňyzyň görnüşi nähili häsiýetlidigiňizi aňladýan bolsa, ýumrugyňyzy gysyşyňyz hem siziň şahsyýetiňiz hakda käbir maglumatlary berip biler. Surata serediň, ýumrugyňyzy nähili gysýarsyňyz?!
1 – şekil
Başam barmagy ýumrugyň üstünde saklap gysýan bolsaňyz, onda siz köp pikirli bolup bilersiňiz. Bu adamlar, köplenç halatlarda, ýeke özleri wagt geçirmegi halaýarlar we öz içki duýgylaryny gizlin saklaýarlar. Siz täzelikçi, başgalaryň pikirine gelmejek täze başlangyçlary tapmaga ukyply. Özüňiz bilen duýgylary, gymmatlyklary paýlaşýan adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy halaýarsyňyz. Şol sebäpli-de, siz empatik (duýgydaş) adam bolup bilersiňiz.
2 – şekil
Başam barmagyňyz ýumruk şekilinde süýem barmagyňyza daýanýan bolsa, onda siz sypaýyçylykly, sahy adam. Ýöne siziň bu häsiýetiňizden peýdalanmak isleýänler hem durmuşyňyzda bar. Siz özüňizi kämilleşdirmegi, täzeçil zatlary öwrenmegi we durmuşyňyza ornaşdyrmagy halaýarsyňyz.
3 – şekil
Ýumrugyňyzy düweniňizde, başam barmagyňyzy goraýan şekilinde, ýagny ýumrugyňyzyň içinde saklaýan bolsaňyz, onda siziň mähirli we şadyýan şahsyýetiňiz bar. Siz özüne çekiji häsiýetde bolup, daş-töweregiňizdäkiler üçin täsin bolup bilersiňiz. Siz töweregiňizdäki adamlar nähili ýagdaýda bolsa hem özüňizi rahat alyp baryp bilýärsiňiz. Siz gaty duýgudaş, ýöne beýleki adamlaryň kynçylyklary, aladalary bilen özüňize agram bermäň! Siz — durmuşdaky ýönekeýje, ujypsyzja zatlardan uly lezzet almagy başarýan adamlar bolup, parahat we asuda durmuşy halaýarsyňyz.
Arzygül TEKEMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.