
Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýakynda geçirilen guramaçylyk mejlisinde bu baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Ýeri gelende aýtsak, 2018 — 2020-nji ýyllar aralygynda-da biziň ýurdumyz bu düzümiň agzalygyna saýlanyp, jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetiripdi.
«ÝUNISEF-niň işine hökümetara derejede goldaw berýän Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasy hökmünde Türkmenistan guramanyň alyp barýan işine syn bermäge, onuň syýasatyny, ýurt boýunça maksatnamalaryny hem-de olaryň maliýeleşdirilişini tassyklamaga gatnaşar. Munuň özi ýurdumyzyň Hökümetine gaznanyň işini utgaşdyrmak, dünýä derejesinde çagalaryň hukuklaryny goramak üçin umumy kabul edilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmaga goşmaça mümkinçilikleri döreder» diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda berlen habarda bellenilýär.
«TürkmenGazet».



