Göwün küýsegiSlider

Sen maňa: “Uçma” diýme!

Ady okyjylarymyza örän tanyş bolan ýaş şahyr Suraý Babanyýazowanyň täze goşgularyny paýlaşmak isledik

12-04-2023 / 19

Men seni ynjytmak islemeýärin
(ýazyp gutarylmadyk goşgy)

Men seni ynjytmak islemeýärin..
Islemeýän gözleriň göwherini dökmegiň,
gündizlerne ýüpegim
gijelerne mahmalym

Men seni ynjytmak islemeýärin..
Ýaşaýyşa bolan soňky umydym…
harçlanam bolsam
Seniň bilen agyr ýola başlanam bolsam…
Başgaça durmuşy islänem bolsam…

Saba deý ýylgyrşyň bilen
ýylgyrmagyň isleýän
Säherlerme
Baharlarma
Gül bolmagyň isleýän.
Gyşda ýalňyz galan çagym
gapym kakyp geleniň
sen bolmagyn isleýän.

Pyşyrdylaň ykbalyma
heň bolmagyn isleýän.

Men seni ynjytmak islemeýärin.
gaty kyn bolsa-da,
agyr bolsa-da,
Ýoluň soňy bolaýmagam
mümkin bolsa-da,
şu lälik gyz seň dünýäňde
hiç kim bolsa-da…
Men seni ynjytmak islemeýärin…
***

Läleleriň äheňinde

Gara saçlam Ýere süýräp,
Depeden inesim gelýär.
Ak telpekli gyrmyz donlyň
Gözlerne ilesim gelýär.

Ýazda oty dyza ýetýän
Sähramda gelýär süýnesim.
Çägesine düýnelmekden
Bolmawereýin binesip.

Bir menzile ysy ýaýran,
Reýhanyna gurban olam.
Hiňlenenim “Tüniderýa”,
Bar derdime derman bolar.

Ak çöllerde süýşenekläp,
Göklerde ýaýnap uçaýyn.
Gyrmyz donlyň gözlerine
Ilmesem ilmän geçeýin.
***

Maňa “Uçma” diýme!

Sen maňa: “Uçma” diýme!
Uçmak — meň ykbalym.
Uçmak — meň ömrüm.

Kepderiler sallanjyrap…
Kebelekler hiňlenjiräp…
Öran-örän golaýjygymdan
Geçýärkäler  gysmyljyrap
Neneň  yzlarna düşmäýin..

Her gün
Her gün
Asman meni çagyrýarka
Nädip uçmaýyn..

Sen maňa: “Uç” diý
gaýta
“Hiç  mahal
Ýere düşme” diý!
***

Sapak

Kä hepdede, käte günde,
Giderdik biz enemlere.
Atam asla gürlemezdi,
Alçagrakdy enem ýene.

Oturandyr egrip i:gin,
Hiç zada janyn ýakmazdy.
I:k müň galar, müň bir inip,
Enemden bir söz çykmazdy.

Eje-kakamyz öwretdi,
Söz diýen päk gymmatlygy.
Ene-atamyzdan bolsa,
Öwrendik biz dymmaklygy.

Suraý BABANYÝAZOWA.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu