
«Amorfofallus» bu ösümligiň ikinji ady bolup, ol ýakymsyz ysly liliýadyr. Onuň watany Sumatra adasy hasaplanýar. Gül diňe bir äpet daşky görnüşi bilen däl, eýsem, adyndan hem belli bolşy ýaly, daş-töwerege ýakymsyz ys ýaýradýandygy bilen hem dünýädäki täsin ösümlikleriň sanawyna girýär.
Bu ösümlikler güllän döwürleri zaýalanan etiň we balygyň ysyny ýaýradýarlar. Ol 40 ýyla golaý ýaşan döwründe 3-4 gezek gülleýär. Ösümligiň beýikligi takmynan 3 metr, gülüniň agramy ortaça 75 kilograma golaý bolýar. Häzirki wagtda amorfofalluslara dünýäniň dürli künjeklerindäki botanika baglarynda hem duş gelmek bolýar.
«TürkmenGazet».



