Habarlar

Dünýä rekordy: 32.1 tonna uçary çekdi

10-04-2023 / 8

Bu barada «vokrugsveta» habarlar saýty habar berýär. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Russiýaly türgen Denis Wowk uzynlygy 10 metr, agramy bolsa 32.1 tonna bolan uçary 43 sekuntda çekmegi başaryp täze rekord goýmagy başardy.

Soçi howa menzilindäki bu çäräni «Russiýa howa ýollary» alyp bardy. Birleşen Howa Korporasiýasy PJSC-iň habaryna görä, Denis Wowk «Superjet 100» uçaryny el-aýak tehnikasy bilen herekete geçirdi. Bu üstünlik 90 kilograma çenli agram derejesinde dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy. Bu rekord – Energetika aşa federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Grişçenko tarapyndan hasaba alyndy.

Ýerdäki uçuş-gonuş zolagynda aprel aýynyň ýagyşly gününde bolup geçen wakanyň özboluşlylygy, rus sportunyň taryhynda beýle wakalaryň bolmandygydyr. Dünýä tejribesinde bolsa 150 kilograma çenli agram derejesindäki türgenler uçarlary herekete getirýärler.

Ondan öň Denis Wowk agramy 40.57 tonna 32 santimetr bolan «Airbus A-319 Sportolet» -i 52 sekuntda çekip, dünýä rekordyny goýupdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu