Siziň üçin...Slider

Iň uly mör-möjek kärhanasy

09-04-2023 / 11

Fransiýanyň «Ynsect» kompaniýasy Amýen şäherinde dünýäde iň uly mör-möjek kärhanasynyň gurluşygyna girişdi. Bu ýerde her ýyl 200 müň tonna mör-möjek ýetişdiriler. Olar oba hojalyk pudagy üçin peýdaly mör-möjeklerdir.

Täze önümçiligiň üçden bir bölegi suw we oba hojalygynda, galan bölegi bolsa dökün önümçiliginde ulanylar. Gurluşyk şu ýylyň ahyrynda tamamlanar.

Täze taslamanyň amala aşyrylmagy bilen iş orunlarynyň ýene-de 500-si dörediler.

Kompaniýa ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň «Protifarm» mör-möjek kompaniýasynyň maýalaryny satyn alypdy. «Ynsect» edil şeýle kärhanany ýakyn geljekde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýa Amýen şäherinde 2040-njy ýyla çenli düzüminde 1,8 million agaç bolan tokaýy ýetişdirmegi maksat edinýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu