
Alaw – gadymy Gresiýadan gözbaşyny alyp, Olimpiýa oýunlarynyň iň esasy nyşanydyr. Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary ýyl-ýyldan alawy bellenilen ýerine eltmek, oýunlaryň açylyş we ýapylyş däplerini has hem kämilleşdirmek, ýokary derejede guramak üçin täzelikleri oýlap tapýarlar.
Biziň eramyzdan öň 776-njy ýylda geçirilen oýunlaryň açylyşyna alaw ýakylyp, gutardyş nokadyna çenli eltilipdir. Bir sebäp bilen oýunlar başlanmanka ýa-da geçirilip durka alaw sönen ýagdaýynda esasy alawdan başga-da ýörite otly çyrajyklar ýakylýar. Meselem, 1976-njy ýylda Monrealda geçirilen oýunlarda alaw güýçli ýagyş sebäpli sönýär we goşmaça ýakylan çyralaryň kömegi bilen täzeden ýakylýar. Häzirki zaman Olimpiýa alawy ilkinji gezek 1928-nji ýylda Amsterdamda ýakylýar. Şondan bäri hem bu oýunlaryň dabaraly däbi bolup galdy.
1952, 1956, 1960, 1994-nji ýyllarda geçirilen Gyşky oýunlarda alaw Norwegiýanyň Morgendal obasyndaky bir jaýyň pejinden ýakylypdyr. Bu öýde lyža sportuny esaslandyryjy Sondre Nordheýn ýaşapdyr. Şol wagtdan başlap hem guramaçylar alawy diňe bir söndürmän alyp gitmek bilen çäklenmän, eýsem şol pursady ýatda galyjy, syrly edip guramagy maksat edinýärler.
Alaw bellenen ojakdan ýakylandan soň estafeta başlanýar. Estafeta – bellenen aralykda ylgaw arkaly alawy beýleki türgene geçirmekdir. Estafetada alaw oýunlaryň geçirilýän ýurdunyň çäklerinden syýahat edýär. Estafeta ilkinji gezek 1936-njy ýylda Berlinde geçirilýär we 3 müňe golaý türgen alawy Berline çenli getirýärler. Şonda alawy nemes türgen Fris Şilgen ýakyp, oýunlaryň başlanandygyny yglan edýär.
Däp boýunça estafetada alawy türgenler belli bir aralykdan bir-birlerine geçirýärler. Estafeta gatnaşyp, alawy götermek uly abraý-mertebe hasap edilýär. Adatça estafeta sport äleminde üstünlik gazanan türgenler gatnaşdyrylýar. Estafeta gije-gündiz dowam edýär. Alaw oýunlaryň geçirilýän ýeriniň geografik ýerleşişine we mümkinçiliklerine görä diňe pyýada ýöriş we ylgaw görnüşinde geçirilmän, eýsem ýörite awtoulag, suw ulaglary, howa we demir ýol arkaly getirilip bilner. Meselem: alawyň aeroplanda, indeýleriň kanoe gämisinde hat-da düýede alyp gidilen ýagdaýlary hem bolupdyr.
1976-njy ýylda bolsa alawyň energiýasy radiosignal arkaly Afinydan Kanada geçirilip, lazeriň kömegi bilen esasy ody ýakýarlar. 2000-nji ýylda bolsa alaw birnäçe minudyň dowamynda guwwaslaryň gatnaşmagynda Uly Barýer suw astyndaky merjen gaýalaryndan geçirilýär. 2008-nji ýylda Hytaýda geçirilen oýunlarda alawy dragonbot atly milli hytaý gämisinde geçirýärler.
Afinyda geçirilen Oýunlarda alaw 11 müň alaw göterijileriň kömegi bilen 78 günüň dowamynda 78 müň km aralygy geçip, dünýäniň daş-töwereginden aýlanyp getirilýär. Häzirki wagtda Halkara Olimpiýa guramasynyň karary bilen alaw diňe oýunlary geçirýän ýurduň çäklerinden geçirilýär.
Her alaw göteriji ortaça 200-300 metr aralygy geçýär. Alawyň sönmezligi üçin estafeta däl wagty ony ýörite gapda saklaýarlar. Alaw estafetasy oýunlaryň geçiriljek şäherinde tamamlanýar we Olimpiýa stadionynda dabaraly ýagdaýda ýörite uly pyýalada ot ýakylýar.
Gurmaçylar estafetanyň tamamlanan ýerinden alawy alyp, oýunlaryň başlanandygyny yglan etmek hukugyny gazanan türgeniň adyny we şol çäreleriň mazmunyny tomaşaçylara has gyzykly, täsirli bolar ýaly iň soňky pursada çenli syrly edip goýýarlar. Oýunlar tamamlanandan soň ähli nyşanlar, belgiler we şol sanda olimpiýa alawy Halkara olimpiýa komitetiniň razylygy bolmasa hiç ýerde ulanylmaly däldir.
Azamat ÝAGMUROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



