
7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen hem-de Bütindünýä saglyk güni bilen utgaşan dabaraly çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti, şeýle hem dzýudo, karate-do, sambo, taekwondo, grek-rim we erkin göreş, türkmen milli göreşi boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.
«TürkmenGazet».



