SliderSyýahatçylyk

Meniň adym «Eifela»

08-04-2023 / 13

2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde Fransiýadaky meşhur Eýfel diňiniň golaýynda şeýle diňiň ýene biri guruldy. Eýfeliň 200 metr golaýynda gurlan, täze nusgaly diňiň ady «Eifela» diýlip atlandyrylypdyr.

Beýikligi adatdaky diňiň ondan birine barabar bolan «Eifela»-nyň Filip Maindron atly sungat ussady gurdurypdyr. Täze gurlan diň jahankeşdeler üçin iň 1-nji aprelden 10-njy aprele çenli jaçyk durar. Maglumatlara görä, binanyň agramynyň 23 tonnadygy mälim edildi.

Täze gurlan diňiň aşagynda «Meniň adym Eiffela, 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde şenbe güni irden 05:25-de Parižde doguldym. Boýum 32 metr, agramym bolsa 23 tonna. Ejem örän begendi» diýen ýazgy ýerleşdirilipdir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu