Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri gutlady

07-04-2023 / 8

Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlagyny iberdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türkmenistanly türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine uly itergi berýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş nesillere buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp wekilçilik etmekleri, Watanymyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyň görkezdi. Biz muňa türkmen sportunyň ýeňişli ýollarynyň başlangyjy hökmünde seredýäris.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu