
5-nji aprelde Türkmenistanyň medeniýet, sungat ussatlaryndan, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine geldi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Meýilnama laýyklykda, döredijilik saparynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlary bilelikdäki türkmen-täjik dostluk konsertine, Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşarlar.
Giň gerimli maksatnama laýyklykda, türkmen wekiliýetiniň Täjigistana saparynyň çäklerinde muzeý işgärleriniň sergisiniň, alymlaryň ylmy-amaly maslahatynyň, şeýle-de dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklardyr geňeşmeleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«TürkmenGazet».



