Siziň üçin...Slider

Banany nähili saýlamaly?

07-04-2023 / 12

Satyjylaryň köpüsi daşamak amatly bolar ýaly, miweleri doly bişmedik mahaly ýygnap, dükanlara eltýärler we bişensoň satyp başlaýarlar. Hut şonuň üçin alyjy käbir bananlaryň göni, käbirleriniň bolsa egridigini görýär. Şeýlelikde, göni miweler bilen deňeşdirilende, egri miweler has bişen we süýji bolýar, ýöne olary çalt zaýalanýandygy üçin saklamak kyn bolýar.

Hytaýyň «Sohu» neşiri gowy banany nähili saýlamalydygyny paýlaşdy. Munuň özi üns berilmeli ýagdaýdyr. Banan tagamly miwe, ýöne ol çalt zaýalanýar. Eýsem, hytaý neşiriniň hünärmenleri bu babatda nähili maslahatlary berýärler?!

Bilermenleriň hem nygtaýşy ýaly, banan göni ýa egri bolýar. Köplenç, alyjylaryň köpüsi miwäniň has tagamlysyny bilmek üçin onuň haýsy görnüşini saýlamaly diýen sowal bilen ýüzlenýärler. Makalanyň awtorlary bananyň doly bişýänçä, göni bolýandygyny belleýärler. Bişip ýetişme hadysasynda miwe ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyga tarap ösýär, şol sebäpli hem ol egrelýär, bu banan salkymynyň bagdaky tebigy ýagdaýy bilen baglydyr.

Umitbek ÖWEZOW, 
TOHI-niň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu