
Saglyk – ynsan ömrüniň bezegi, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykgydyr. Saglygy gorap saklamak her bir adamyň ilkinji islegidir. Adam saglygyny goramak jemgyýetçilik gurluşy bilen aýrylmaz baglydyr. Halkyň saglygyny goramak baradaky ähli çäreler döwlet tarapyndan 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde kanunçylyk esasynda geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak babatda uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hormatly Prezidentimiziň üns merkezinden düşmeýär
Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermegine görä, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de işjeň wagyzçysy bolan türkmen Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda diňe bir bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak üçin däl, eýsem, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredildi.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Köpugurly stadionlar we ajaýyp sport toplumlary, ilkinji nobatda bolsa, sebitdäki iri Olimpiýa şäherçesi guruldy. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň ähli talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigine şaýatlyk edýär.
Bütindünýä saglyk güni habarlylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýän global gündür. Planetamyzyň her bir ýaşaýjysy saglygy we abadançylygy goramak üçin bilelikdäki çäreleri görmelidirler. Her bir adam bedenini berkitmek üçin ertirki maşklar, sport, bedenterbiýe, gezelenç, ylgaw ýaly çäreler bilen meşgullanmagy özüne endik edinmeli. Haýal depginde uzak wagtlap ylgamak adamyň saglygyna ýakyndan ýardam berip, onuň ruhunyň belent, durnukly bolmagyna kömek edýär. Ylgamak üçin awtomobil ýollaryndan uzakdaky tokaýlyk, kölegeli, bag-bakjaly ýerleri, seýilgähleri, stadionlary saýlamaly. Säheriň hoştap howasy göwnüňi açýar, dem alşyňy hem ýüregiň urşuny kadalaşdyrýar. Arassa howada ylgamagyň dem alyş ýollarynyň arassalanmagyna, dem alşyň kadalaşmagyna hem-de horlanmaga isleg bildirýän adama täsiri uludyr. Irdenki hereket — saglygyňa bereket!
Mansur BERDINAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



