
2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, ýaş alymlaryň, aspirantlaryň, gatnaşmagynda Ýaş alymlaryň maslahaty geçirildi. Maslahatda Ýaş alymlar merkeziniň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşyldy. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen Ýaş alymlar merkezinde gazanylan üstünlikler, geçirilen çäreler, bäsleşikler boýunça giňişleýin belläp geçildiler.
Soňra Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň ylym we innowasiýa çygrynda bagtyýar ýaşlaryň ylmy-tehniki, ylmy-barlag döredijiligini ösdürmekde, olaryň ylmy jemgyýete girişmegine ýardam bermekde, ylmy işgärleriň täze neslini kemala getirmekde işjeň ylmy jemgyýetçilik ulgamynyň we hereketiniň döredilmegine Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmekde, Ýaş alymlar merkeziniň işini kämilleşdirmekde tapawutlanan Ýaş alymlar geňeşleri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen döredilýän ähli mümkinçilikler biz — ýaşlarda uly jogapkärçilik we borç duýgularyny döredýär.
Akjagül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň laboranty.



