
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň ähli ýurtlar bilen özara bähbitli, dostlukly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-täjik dostluk ýörelgeleri, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmen hem-de täjik halklary asyrlaryň dowamynda dostlukly ýaşap, edil dogan ýaly agzybirlikde, ýakyn gatnaşykda bolup gelen halklardyr. Halk nakyllarynda «Dogan — dogana gala» diýlişi ýaly, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem berk taryhy köklere daýanýar.
Türkmenistan bilen Täjigistan Merkezi Aziýada gapma-garşylyklaýyn ýagdaýlaryň döremegine ýol bermezlik, özara düşünişmegi, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, köptaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we nazara almak babatda çykyş edýärler. Täjigistan BMG-niň hem-de GDA, ÝHHG, YHG, ŞHG ýaly birnäçe iri halkara guramalaryň agzasydyr.
Iki ýurduň hem umumy syýasy giňişlikde, halkara düzümlerde — Birleşen Milletler Guramasynda, şeýle hem iki döwletiň-de agza bolup durýan beýleki sebitleýin guramalaryň birnäçesinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändikleri bellärliklidir.
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýuldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan öňdengörüjilikli, paýhasly syýasatlary, döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň çözgüdine döredijilikli çemeleşmekleri netijesinde, biziň döwletimiz we halklarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda umumy abadançylyga gönükdirilen örän uly ösüşlere eýe boldular. 1995-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Täjigistanyň ilçihanasy açyldy. Şol bir wagtda, Duşenbe şäherinde-de Türkmenistanyň ilçihanasy hereket edýär.
Türkmen-täjik gatnaşyklary 2007-nji ýyldan soňra hil taýdan täze derejä eýe boldy. Şol ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana, dekabr aýynda bolsa Täjigistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Amala aşyrylan saparlaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar mazmun taýdan has-da baýlaşdy.
Şeýle hem 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Täjigistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylyş dabarasy boldy. 2009-njy ýylda täjik döwlet baştutanynyň Türkmenistana, 2010-njy ýylyň mart aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşenbe şäherine bolan saparlary gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly itergi berdi.
Maýa GURDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



