
Italiýadaky Pisa diňi gyşyk durandygy sebäpli her ýylda millionlarça syýahatçyny özüne haýran galdyrmagyny dowam edip gelýär. Ýöne maglumatlara görä bu diňiň dikelýändigi mälim edildi. Binadaky üýtgeşmäni yzygiderli öwrenýän synçy topar beýikligi 57 metre ýetýän diňiň soňky 20 ýylda 4 santimetr düzelendigini belleýär.
Pisa diňine 1990-njy ýylda ýykylmagynyň ähtimaldygy sebäpli 800 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek girmek gadagan edilipdi. Şol wagt Pisanyň gyşyklygy 4,5 metre barabar bolupdyr.
Polşaly hünärmen Mişel Ýamýolkowskiniň ýolbaşçylygyndaky topar 1993-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli diňi berkleşdirmäge synanyşdy. Netijede, diň 260 million dollar sarp edilip, 45 santimetr dikeldildi. Professor Salwator Settis Binanyň ömrüniň 200 ýyl uzandygyny mälim etdi.
1173-nji ýylda gurluşygyna başlanan ymarat 5 ýyldan soňra gyşaryp başlaýar. Binanyň gyşarmagynyň sebäbiniň onuň aşagyndaky toprak gatlagynyň bir tarapynyň çäge, beýleki tarapynyň toýun bolmagy bilen baglydygy bellenilýär. Inženerler diňi ýykylmakdan halas edendiklerine buýsanýarlar.
«TürkmenGazet».