
Läleler halk döredijiliginiň hem söze, hem saza ýugrulan görnüşidir. Läleleriň biziň döwrümizi bezeýän ajaýyp owaz bolup ýaşamagy buýsançly göwünlerimizi joşa getirýär.
“Läle” – gül sözüniň manydaş sözi bolup gülleriň ähli görnüşini özünde jemleýän umumy düşünjedir. Läleler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Läleleriň haýsy döwürlerde dörändigini aýtmak kyndyr. Läleleriň mazmuny dürli-dürlüdir. Olarda halkymyzyň taryhy, ykdysady ýagdaýy, aýal-gyzlarymyzyň el işleri, zähmete bolan gatnaşyklary şöhlelendirilýär. Läleler milli mirasymyzyň parçalary bolup hemişe öwrenilmäge mynasyp görnüşdir. Söýgi we maşgala durmuşy meselesi lälelerde dürli edebi usullarda beýan edilipdir. Söýgä bagyşlanyp, söýginiň “sap” söhbetini edýän bentler lälelerde özbaşdak bir topar bolup durýar. Läleler, köplenç, ýaz möwsüminde, howa salkynlan güýz günlerinde agşamaralar kakylypdyr.
Gelin-gyzlarymyzyň läleleriniň dili ýeňil, çeper, meňzetmeli aňlatmalara baýdyr. Läleler temalarynyň baýlygy ýaly ýerine ýetiriliş taýdan hem “Damak lälesi”, “Dodak lälesi”, “Eňek lälesi”, “Aýak lälesi”, “Egin lälesi” ýaly birnäçe görnüşlere bölünýär. Läleleriň bu görnüşleri biri-birinden ses agzalarynyň gatnaşmagy we onuň netijesinde owazlaryň dürlüçe emele gelmegi bilen tapawutlanýar. Bokurdak lälesi bokurdaga çala kakylyp aýdylýar. Eňek lälesinde başam barmak eňekde direlip bokurdakdan gelýän sesi aýanyň hereketi bilen owazlandyrylýar. Dodak lälesinde barmaklaryň dodaklarda hereket etmegi arkaly titreme-sazlaşyk döreýär. Aýak lälesine başgaça dyz lälesi hem diýilýär. Ol çalaja egilip elleri dyza degirmek arkaly ýerine ýetirilýär.
Mysallardan görnüşi ýaly, saz bilen sözden başga-da läleler sazlaşykly gaýtalanýan el, aýak we damak hereketlerini hem özünde jemleýär. Olary gelin-gyzlaryň özleri döredipdir.
Läläniň owadan we mylaýym heňi saz sungatymyzda köp kompozitorlaryň ünsüni özüne çekipdir. Kompozitorlar dürli žanrlarda eser döredenlerinde läläniň heňinden peýdalanypdyrlar. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyny ýazan “Mukamyň syry” kinofilmindäki gyzlaryň köpsesli lälesi bu žanryň özboluşly nusgasy hökmünde häzirki günlerde-de hor toparlarynyň döredijiliginde mynasyp orun eýeleýär. Halypa kompozitor Weli Muhadow hem “Kemine we kazy” atly operany ýazanda baş gahryman Nabadyň aýdymynda läläniň heňini peýdalanypdyr. Halk heňlerini ussatlyk bilen öz eserlerinde şöhlelendirýän kompozitor Baýram Hudaýnazarow bolsa özüniň simfoniki orkestr üçin 7 bölümden ybarat sýuitasynda läle aýdymlarynyň heňini simfoniki orkestriň saz gurallarynyň ýerine ýetirmeginde özboluşly beýan edýär. Kompozitor Nury Hojamuhammedow öz gezeginde läle heňini ulanmak bilen “Läleweý” atly orkestr üçin saz eserini döretdi. Görşümiz ýaly, häzirki wagtda läleler dürli döredijilik toparlarynda dürli öwüşginde ýaňlanýar.
Ogulşat AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



