Siziň üçin...Slider

Köp ýaşan agaçlar

05-04-2023 / 32

Tebigat özüniň täsinlikleri bilen häzirki günlere çenli geň galdyryp gelýär. Şeýle täsinlikleriň biri bolsa uzak ýaşan agaçlardyr. Bu agaçlar tebigatyň adamlara eçilen gymmatly we heniz syry nämälim bolup duran peşgeşidir. Agaçlar dünýädäki janlylaryň iň uzak ýaşlylary hasaplanýar. Bir agajyň asyrlyk ýaşynyň barlygy mälimdir. Eýsem, olaryň iň köp ýaşanlary haýsylaryka?

Bristekon arçasy (Metuşelah). Dünýäde bar bolan iň garry agaçlardan biri Bristekon arçasydyr. Bu agajyň ösüşi örän haýaldyr. Onuň özünden döreýän organiki maddasy (şepbigi) bardyr. Bu maddanyň kömegi bilen ol özüni mör-möjeklerden goraýar. Bristekon arçasynyň başgaça ady bolsa “Metuşelahdyr”. Kaliforniýadaky bu  agaç Amerikanyň tokaýlary goramaklyk müdürligi tarapyndan goralyp saklanýar. Ol 4 müň 800 ýaşynda diýlip çaklanylýar.

Zoroastrian Sarw (Sarw-e-Abarkooh) ortaça 4 müň ýaşynda bolan bu agaç Eýranyň Abarkooh ýerlerinde ýerleşýär. Agajyň bu görnüşi esasanam baýyrlykda, harabalyklarda duş gelýär. Bu agaç gür ýaprakly äpet göwresi bilen köpleriň ünsüni çekýär.

Liangernyw Yew. 35 milion ýyldan bäri ýer ýüzünde ýaşamagyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda iň köp ýaşan görnüşi 3 müň 600 ýaşyndadygy anyklanyldy. Daşky gabygy gymmat bahaly bolan bu agaç üçekleriň gurluşygynda çig mal hökmünde ulanylýar. Täsin görnüşe eýe bolan bu agaç köp ýaşan agaçlaryň hataryna girýär.

Alerje agajy. Bu ýapraklaryny dökmeýän ägirt agaç 1993 ýylda Çilide Andes daglarynyň eteginde tapyldy. Alymlar agaç halkalaryndan barlaglary geçirenlerinde ýaşynyň ortaça 3500-digini anykladylar. Beýleki agaçlardan 45 metrlik  belentlikde boýy bolan  agaç syýahatçylaryň ünsünden düşmeýär.

Patriaka de Floresta. 3 müň ýaşyndaky bu agajyň şahalaryna 1997-nji ýylyň iýul aýynda bolan uly harasatda zeper ýetipdir. Kök almagy we ösüşi örän haýal bolan bu agaçlar 60 metre çenli boý almaga ukyplydyr. Täsinligi bilen köpleriň ünsüni çeken bu agaç iň köp ýaşan agaçlaryň hatarynda orun tapdy.

Alişan Sakred. Bu ägirt agaç Siçiliýadaky Etna Ýanardagynyň töwereginde ösmeklige ukyplydyr. Munuň äpet boýy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Gür tokaýlygy ýadyňa salýan bu agaçlaryň ýaşy ortaça 2 müň 400 ýyl töweregi diýilip çaklanylýar.

Adaty Şerman. Meşgurlyga eýe bolan bu agaç görnüşi 82 metr uzynlykda bolmak bilen 27 gatly bir binanyň uzynlygyny ýadyňa salýar. Agajyň ýogynlygy 30 metrden hem geçýär. Bu Adaty Şerman agajy Kaliforniýadaky “Mydama Ýaşyllyk” atly halkara seýilgähinde syýahatçylary garşylaýar. Ýaşy barada aýdylanda bolsa, 2 müň 300 bilen 2 müň 7 ýüz aralyklary diýilip çaklanylýar.

Ýapon Şugi. Bu agaç Ýaponiýadaky iň meşgur agaçlaryň biridir. Ýaponiýanyň Ýakuşima adasynda beýik daglaryň demirgazyk eteginde ümrüň içinden seleňläp görnüşi adanyň gözelligine gözellik goşýar. Agajyň halkalary arkaly barlaglar geçirilende ýaşynyň ortaça 7 müň töweregidigi mälim edildi. Bu agaç hem edil beýlekiler ýaly ýaşy boýunça tutuş bir geçmişiň syrlaryny, taryhyny özünde jemläp otyr.

Döwran ZARIFJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu