SliderŽurnalistiň sahypasy

Sagdyn durmuşyň dabaralanmasy

04-04-2023 / 8

Her ýylyñ aprel aýynda Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giñden ýaýbañlandyrmak indi asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýakymly ýaz paslynyñ bu ajaýyp aýynda sport, bedenterbiýe çäreleriniñ köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki biziñ ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga türkmen ýaşlary hem işjeñlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Biziñ halkymyzda sagdynlyga, arassa ahlaklylyga, berk bedenli we kämil ruhlulyga uly ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzyñ sagdyn durmuş we röwşen geljek hakyndaky ýörelgeleri berk bedenli nesilleriñ kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliñ ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bilim edaralarynda bedenterbiýe sapaklary guralýar, ýurdumyzyñ ähli künjeklerinde sport çärelerine giñ gerim berilýär. Oña ýaşlar bilen bir hatarda ähli raýatlar hem işjeñ gatnaşýar.

Sport çäreleri bilen hatarda dürli ýaryşlaryñ geçirilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Biziñ Diýarymyzda halkara we dünýä derejeli sport ýaryşlary, çempionatlar hem ýokary guramaçylyk derejesinde guralýar. Türkmenistan döwletimiziñ halkara giñişliginde sagdynlyk, dostluk we rowaçlyk ugurly başlangyçlary uly seslenme tapýar. Türkmen türgenleri hem iri derejeli sport ýaryşlarynda, çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyñ abraýyny belende göterýärler. Munuñ özi ýurdumyzyñ sport diplomatiýasynyñ barha dabaralanýandygynyñ güwäsidir.  Sebäbi parahatçylygy we sagdynlygy öñe sürýän sport diplomatiýasy bilen beýik başlangyçlary rowaçlandyran Gahryman Arkadagymyzyñ, bu asylly ýoluny Arkadagly Serdarymyz hem mynasyp dowam etdirýär.

Begmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu