SÄHER ÇAGY DEŇIZ KENARYNDA DÖRÄN GOŞGY
Eger bakyşyňy bagyş etseň maňa,
Giň dünýä gözellik ýaýradardym men.
Nazarňy dirilik suwuna deňäp,
Kalby matamlyga haýyr ederdim men.
Eger-de, sözlerňi bagyş etseň maňa,
Gargany bilbil dek saýradardym men.
Säherler näziňi bagyşla maňa,
Yşgyňa çal daňdan oýkasyn bagryn.
Suw perisi maýyl bolsun kenarda,
Tapan ýaly müň ýyl agtaran höwrün.
Ädim uruşyňy gönükdir maňa,
Seň basan yzyňa bezelsin älem.
Düzelsin seň düzüw basyşyň görüp,
Gyşaran ýoda-da egrelen ýolam.
Ajap ýylgyrşyňy bagyşla maňa,
Tukat dünýäň gamgyn göwnün açaýyn.
Goşawujym ýylgyryşdan doldurup,
Hasratlylaň ýüz-gözüne seçeýin.
«Jak-jak» uruşyňy bagyşla maňa,
Haýran bolsun, käkilikler, bilbiller.
Seň «jak-jakyň» ömür goşar ömüre,
Ondan many almaz diňe dilbilmez.
Kalbyň päkligini bagyşla maňa,
Ony duýup ömre guwansyn her kim.
Gapdalyndan seýkin basyp geçeňde,
Garalyk aklyga çalyşsyn durkün.
Hasratyň bar bolsa, bagyşla maňa,
Senden ýaman görüp, kese bakmaýyn.
Katrasynam dünýä bilen paýlaşman
Baryny öz gursagymda saklaýyn.
***
Eýýäm bar zat hakydamdan çykypdyr.
Göz öňe gelenok saçyň tary-da.
Bilemok, niçiksi geçdi gijeler,
Şol gijeler—müňkürligiň ýary-da.
Bilemok,biz daňy garşy aldykmy,
Ýa-da garşy aldymyka daň bizi.
Bilemok, gülkämi ýa-da hasrata,
Nämä şaýat boldy asman ýyldyzy.
Niçik nazar bilen bakýardy gözleň,
Gülüpmidiň? Şolam çykdy ýadymdan.
Howa siňdi aýdan gabahat sözleň,
Diňe nyşan galypdyr seň adyňdan.
Hakykatçy duşman, töhmetçi dosty
Saýgarmak üçinem bar eken bir çäk.
Dostlaryň şatlygma begenmändigem,
Ýat-oýumdan çykyp gidipdir birçak.
Ýaň salsa-da geçip giden ýaşlygym,
Kalbyň salgymlara gulak asmasyn.
Bolýandyr ters işiň bähbit berýänem,
Gördüm ýagşylygňam ýaman nusgasyn.
Näziň nähilidi, özüň nähili,
Oturyp-turşuňam kem-kem unutdym.
Şol günleriň ýagşy-ýamanbaryny
Ýatlajak bolmagyn,senem unutgyn.
Haýsy nazar bilen bakýardy gözleň?
Gara kül döräpdir sönen oduňdan.
Emma bagtly günleň yzda galany,
Nämüçindir, hiç çykanok ýadymdan.
***
PALÇY GELINE
Palçy gelin, gözleriňde jady bar,
Belki, gözleň bu dünýäni jadylar.
“Güller solmaz”—diýip ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez”—diýip, ynandyr meni.
Gün howluksa: “Howlukma!”—diý, ynandyr.
“Görjegiňiz gowluk bor”—diý, ynandyr.
Çyna sygynyb-a tapmadym bagt
Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt.
Ýalan sözleseňem, garap ýüzüme,
Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe.
Diý, keýgim: “Gudrat bar, jady bar palda”
Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda.
Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli,
Palçy gelin, ber kalbyma teselli.
Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen,
Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn.
Ýetimleň enesi gelsin, ynandyr,
Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr.
“Güller solmaz!”— diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez!”— diýip, ynandyr meni.
***
Sutkada ýigrimi bäş sagatlap ýatmaň,
Tapawudyn biliň köşk bilen çatmaň.
Gazanyna ýeke çümmük duz atman,
Bişirlen nahara şor diýip ýörmäň.
Saýgaryň aýagy, agyzy, eli,
Saýgaryň tokaýdan bir çöpsüz çöli.
Asmandan däl,ýerden ýagaýsa doly,
Ýagan zady bilmän, gar diýip ýörmäň.
Açaýmasa yssy-sowguň arasyn,
Görmek gerek ol nadanyň çäresin.
Aňlamazlar şahyrlardan sorasyn,
Ýöne garpyz görüp,nar diýip ýörmäň.
Atajan TAGAN.