ReportažSlider

Sungata utgaşan zehinler

03-04-2023 / 11

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiň altynjy ýyl talyplary Merdan Babajanowyň we Maksatmyrat Kanyýewiň suratlarynyň 15-nji martda açylan sergisi öz işini dowam edýär. 

Awtorlar özleriniň dünýägaraýşyny üýtgeşik beýan etmek bilen, sergä gelenleri özüne çekýär. Bize — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplaryna hem sergä aýlanyp, bu awtorlaryň inçe zehininden dörän sungat eserlerine tomaşa etmek miýesser etdi.

Maksatmyrat Kanyýewiň suratlary goýrasdan agras bolsa, Merdan Babajanowyň işleriniň reňkleriniň ýiti, şadyýandygy biziň ünsümizi çekdi. Surat eserlerini synlap, sungatda özboluşly usul näçe köp bolsa, şonça-da gowudygyna göz ýetirdik. Ýaş suratkeşler reňk ulanmakda häzirki zaman surat usulyny milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrypdyrlar.

Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sergisi bizde uly täsir galdyrdy. Sungat bilen içgin gyzyklanýanlaryň ählisi üçin sergi açykdyr. Sergi 7-nji aprele çenli dowam eder.

Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Surata düşüren: Mahym ANNADURDYÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu