
Ösümlikler üçin Günüň ýyly çogy nähili ähmiýetli bolsa, çaganyň ösüp-ulalmagy üçin hem ene mähri gerek. Türkmen halky gyz maşgala sarpa goýup, söýýär, çünki gyz naçar, ol mydama kömege mätäç, ol kişiň maşgalasy.
Gyz maşgalanyň görkünden ozal ilki bilen, onuň edebi göze ilýär. “Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz” diýlişi ýaly, enäniň her bir hereketini gyz maşgala öz häsiýetine geçirmelidir. Eneler gyzlaryna geljekki durmuşda gerek boljak biş-düş, tikin-çatyn, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly öý işleriniň inçe syrlaryny öwretmelidir. Ene öz perzendine görelde mekdebi bolmalydyr. Türkmen halky terbiýe meselesinde “Çaga — bag, ene-ata — bagban” diýen pähim-paýhasa eýerýär.
Ata-babalarymyz hemme döwürlerde çagalarynyň ertirki güni, bagtly geljegi barada alada edip, olaryň edep-terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Maşgalada terbiýäniň, öýüň tertip-düzgüniniň agramly bölegi enäniň gerdenine düşýär. Öz borjuna dogry düşünip, ony birkemsiz ýerine ýetirýän, maşgalada edep-terbiýeli, birek-birege, goňşy-golama, ýaşuly-ýaşkiçä, hormat-sylag goýýan terbiýeli çagalar ýetişýär. Ata maşgalanyň galasy bolsa, aýal öýüň eýesidir.
Her bir ata-ene gyz çagalaryny ene-mamalarymyzdan gelýän ajaýyp däplerimize eýerip, asylly sypatlarda terbiýelemäge çalyşmalydyr. “Gyz edebi” diýen jümlede türkmençiligiň iň nepis ýörelgelerini inçeden yzarlaýan köňül buýsanjy jemleýär. “Gyz” sözi halkymyzyň tämizlik, näziklik, owadanlyk, işeňňirlik, mylaýymlyk ýaly sypatlary baglanyşdyrýar. Türkmen gyzlarynyň häsiýetleriniň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Gyzlarda şeýle ajaýyp häsiýetleri terbiýelemekde maşgalada enäniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti örän uludyr.
Merýem GUTLYMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



