Habarlar

Albaniýadan bürünç medal!

31-03-2023 / 12

Albaniýanyň Durres şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşen ildeşimiz Gülälek Kakamyradowa üstünlikli çykyş etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gülälek ştangany silterläp galdyrmakda 88 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň bu görkezijisi ildeşimize şu görnüş boýunça bürünç medaly getirdi. Türgeniň itekläp götermekdäki ikinji synanyşygynyň netijesi 101 kilograma deň boldy. Üçünji synanyşygynda Gülälege 106 kilogram agyrlygy galdyrmak başartmady. Şeýlelikde, ol 101 kilogramlyk görkeziji bilen itekläp götermekde bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistanly türgen iki görnüşiň jemi boýunça hem 189 kilogram netije bilen bäşinji orna mynasyp boldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu