
Bu sany Günorta we Merkezi Amerikada gadymy halklar keramatly san hasaplapdyrlar. Olar 13-lük sanynyň bagt getirýänligine ynanypdyrlar. Muňa garamazdan, bu sany bagtly san hasaplamaýan halklar hem bardyr. Mysal üçin, gadymy jöhitlerde her bir sana degişli harp bellenipdir. 13-lük san bolsa, «le» harpyna degişli bolupdyr. Dini ynançlara görä, bu san dünýäden ötmek, wepat bolmak bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu ynanjyň aňyrsynda bolsa gadymy rowaýat ýatyr. Rowaýata görä, 13-nji ruhany Iuda dönük bolupdyr we Isanyň jezalandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Şoňa görä-de, hristiýan dinine uýýanlar 13-nji adamy stoluň başynda oturtmaýarlar. Ýewropanyň köp ýurtlarynda bu sana ýigrenç döräpdir. Oňa her hili atlar berlipdir.
13-lük san barada mistiki düşünjeleriň giň ýaýran ýurdunyň biri Angliýadyr. Bu döwletiň köp myhmanhanalarynda, otludyr gämilerinde 13-lük belgili ýerde hiç kimiň oturasy, ýaşasy gelenok, hatda 1930-njy ýylda bagtsyz hasaplanýan 13 belgili jaýlardan bu sanyň aýrylmagyny talap edip, Londonyň ýaşaýjylary şäher häkimiýetine ýüz tutupdyrlar.
Eger-de, 13-lük san hepdäniň duşenbe güni bilen gabat gelse, şol gün iki esse agyr hasaplanypdyr.
1966-njy ýylda ABŞ-da 13-lük sanynyň bagtsyz sandygyna ynanýanlaryň garşysyna göreşmek üçin «13-lük kluby» atly gurama döredilipdir. Bularyň maksady 13-lük bilen baglanyşykly mistiki düşünjäniň ýalandygyny subut etmek bolupdyr. Olar aýyň 13-ünde, 13 belgili beýik jaýyň 13-nji gatynda, 13-nji otagda, 13 adam bolup ýygnanyşýarlar. 13 sany gara pişigi hem otaga goýberýärler. Şeýle mysallar bir ýa iki däl. 13-lük sanyň şu günler hem tarapdarlary kändir.
Meýlis JEÝHUNOW,
TOHI-niň Agroinžener taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



