
29-njy martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda mejlis geçirildi. Onda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi.
Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesine — saýlawlaryň ahyrky netijeleriniň jemlenilmegine geçip, paýtagtymyzyň hem-de welaýat saýlaw toparlarynyň teswirnamalary esasyndaky maglumatlara görä, tutuş ýurdumyz boýunça 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň 125 deputatynyň saýlanandygy; 2516 dalaşgärden, 240 welaýat we 960 etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň; 12098 dalaşgärden 5897 Geňeş agzalarynyň saýlanandygy yglan edildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýere iki we şondan köp dalaşgär dalaş etdi.
Saýlanan deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň hatarynda Demokratik partiýanyň 3 müň 320 wekili, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 304 wekili, Agrar partiýanyň 1 müň 513 wekili, raýatlar toparlarynyň 2085 wekili bar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň sanawyna seredildi we tassyklanyldy. Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, bu sanawlar ýakyn günlerde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.
«TürkmenGazet».



