
29-njy martda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjak Medeniýet günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn iş duşuşyklaryny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Medeniýet günleriniň ilkinji gününe meýilleşdirilen çärelere turuwbaşdan ýokary ruhubelentlik, işjeň häsiýet mahsus boldy. Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahat dostlukly ýurduň wekillerinde, şol sanda koreý habar beriş serişdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň umumadamzat edebi mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, onuň halal ýaşamagy ündemekde, adamy dogry ýola gönükdirip, belent maksatlara ruhlandyrmakda örän gymmatly ruhy baýlykdygy çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzda akyldar şahyryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak, onuň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý senesini dabaralandyrmak babatda Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan şu günki çäräniň hem munuň aýdyň mysallarynyň biridigi buýsanç bilen bellenildi.
«TürkmenGazet».



