Habarlar

Türkmen uniwersitetinde täze tejribehana açyldy

29-03-2023 / 9

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bu ugurdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri hem innowasion esaslara daýanýar. 28-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasynyň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr.  Açylyş dabarasyna uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidroftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredilen bu tejribehana sowadyjy we howa ulgamlary ugurlary boýunça diňleýjileri taýýarlar. Ol dünýä ülňülerine laýyk gelýän abzallar — VRF-howany kondisionirleme, çiller we fankoýl, uglewodorodly sowadyjy, näsazlyklary aradan aýyrýan okuw-türgenleşik enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olaryň üsti bilen diňleýjiler sowadyş we howa ulgamlarynyň gurnalyşy, işledilişi, sazlanylyşy, tehniki hyzmat edişi boýunça bilim alyp, hünär derejelerini ýokarlandyrarlar.

Döwrebap tejribehanada geçiriljek okuw sapaklaryna halkara uniwersitetde sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary hünäri boýunça bilim alýan talyplar bilen bir hatarda, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler hem gatnaşyp bilerler.

Ogulbike BUGRAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu