
Geljek ýylyň tomsunda geçiriljek 17-nji Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyryna badalga berlip, 3 toparçada birnäçe duşuşyklar geçirildi. «J» toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lihtenşteýni kabul edip, 4-0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Duşuşykda Žoao Kanselo, Bernardo Silwa şeýle-de, Kristiano Ronaldo topy derwezeden geçirdi. Iki gezek tapawutlanan ýyldyz futbolçy Ronaldo, şeýlelik-de milli ýygyndydaky gollarynyň sanyny 120-ä ýetirip, öz rekordyny özi täzelemegi başardy. Bu duşuşyk Ronaldonyň milli ýygyndydaky 197-nji oýny bolup, ol bu babatda-da dünýä rekordyny hem goýdy.
Ronaldo kuweýtli Bader Al-Mutawadan öňe saýlanyp, milli ýygyndyda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy boldy. Ýeri gelende aýtsak, Ronaldo ýaly 38 ýaşyndaky Bader Al-Mutawanyň şu gün rekorda täzeden şärik bolmagy-da mümkin. Şeýle-de, Ronaldo milli ýygyndynyň çäginde resmi duşuşyklardaky 100-nji goluny geçirip, bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. 20 ýyldan bäri milli ýygyndyda gol geçirip gelýän Ronaldo 47-nji gezek başga ýygyndynyň (Lihtenşteýn) derwezesinden hem gol geçirmegi başardy.
«TürkmenGazet».



