Habarlar

Mekdep okuwçysy dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

28-03-2023 / 10

Häzirki wagtda Albaniýanyň Durres şäherinde dowam edýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem ildeşlerimiz şowly çykyş edýärler.

Çempionatda 45 kg agramda güýç synanyşan Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulşat Amanowa altyn medala mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 71 kg, itekläp götermekde 85 kg, umumy hasapda bolsa 156 kg netije görkezdi.

Bu bäsleşikde Perhat Bagtyýarow hem tapawutlandy. Türkmen türgeni 61 kg agram derejesinde kümüş medal eýelemek bilen, türkmen agyr atletika mekdebiniň ýeňişli ýoluny dowam etdirdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu